Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Gadagan edilen partiýanyň lideri gaýybana sud edilýär


Täjigistanda gadagan edilen “Yslamçy Gaýtadan döreýiş” partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiri

Täjigistanyň Ýokary sudy ýurtda gadagan edilen “Yslamçy Gaýtadan döreýiş” partiýasynyň liderini gaýybana sud edýär.

1-nji fewralda täjik Ýokary sudunyň başlygy Şermuhammadi Şohiýon žurnalistlere beren maglumatynda Muhiddin Kabiriniň sud diňlenişiginiň “gizlinlikde geçirilýändigini” aýtdy.

Kabiri terrorizmde we 2015-nji ýylyň sentýabrynda gozgalaňçy generalyň liderliginde, hökümetiň sözüne görä, häkimiýeti ýaragly ele salmaga synanyşmaga gatnaşmakda aýyplanýar.

Öz-özüni sürgün eden Kabiri agzalýan aýyplamalary ret edip, özüniň ýowuzlyklara gatnaşygynyň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG