Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýyplara gurlan jaý 48; jaýa mätäç maýyplaryň sany ýüzlerçe


Türkmenistanda maýyp, ýagny hereket etmek mümkinçiligi çäkli adamlaryň biri

Türkmenistanyň prezidentiniň görkezmesi esasynda, Aşgabat şäherinde ýaşaýan maýyplaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen 2017-nji ýylyň başynda gurluşygyna başlanan ýaşaýyş jaýy ulanyşyga berildi.

Aşgabadyň 8-nji kiçi etrapçasyndaky 4 gatly 48 kwartiraly bu ýaşaýyş jaýy oňa baryp görenleriňem, eýýäm içinde ýaşap oturanlaryňam diýseň göwnünden turýar. Emma munuň beýleki öýsüz galan maýyplaryň müňlerçesiniň arzuwynyň hasyl bolman, ozaldanam ýykyk göwünleriniň has çökgünleşendigini-de eşitmek bolýar. Bary-ýogy bir korpusdan ybarat 48 kwartiranyň paýlanmagy bir ýandak küdesini otlan ýaly, maýyplary oda salypdyr. Sebäbi Aşgabat şäheri boýunça 4 etrabyň hersine 12 öýden paýlanyp berlipdir.

2000-nji ýyllardan bäri Aşgabatda elita atlandyrylýan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ony wezipeli adamlara paýlap, sosial taýdan goragsyz maşgalalaryň, esasan hem maýyplaryň döwlet tarapyndan unudylmagy bilen, şu günki gün ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga mätäç maýyplaryň müňlerçedigi aýdylýar. Paýtagtda guruljak jaý üçin ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga mätäç maýyplaryň ýüzlerçesi häkimliklere arza bilen ýüz tutupdyrlar. Indi şol galan ýüzlerçe maýyba häkimler: “Öýler ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga has mätäç maýyplara, has dogrusy, mümkin bolmadyk ýaramaz şertlerde ýaşaýanlara paýlandy” diýipdirler.

1-nji topara degişi, aşgabatly bir maýybyň aýtmagyna görä, onuň ähli amatlygy bolan, ýaşap oturan hususy ýaşaýyş jaýyny ýykyp, häkimlikler ony köp gatly jaýa göçüripdirler. Jaýyň girelgesindäki 11 basgançakdan maýyplar üçin münülýän araba bilen girip-çykmagyň agyrdygyndan şikaýat edýär. Emma oňa häkimlikden: “Siziň ýaşaýyş meýdançaňyz maşgala sanyňyza ýeterlik” diýip, jogap ýollanypdyr. “Men ýaşaýyş meýdançam ýeterlik däl diýip arza bermändim. Men özümiň maýyplara niýetlenen arabam bilen girip-çykmaga mümkinçilik döredilen jaýdan öý sorapdym” diýip, maýyp özüne başdansowma jogap berlendigini aýdýar.

Öz ýagdaýyny düşündirmek üçin häkimiň kabul edilşiginde bolmagynyň hem netije bermändigini ol sözüne goşýar. “Häzir öýler paýlandy. Öýler ýaşaýyş şertleri mümkin bolmadyk kyn ýagdaýdaky maýyplara berildi, gelejekde sizi hem göz öňünde tutarys” diýip, häkim oňa jogap beripdir.

“Iki aýaksyz maýyba berilmedik jaý nähile ýagdaýdaky maýyplara berildikä? Döwlet biziň ähli amatlyklary bolan jaýymyzy ýykanda, bizden ýagdaýmyzy soramandy. Emma özünden bir zat almaly bolsak, emeldarlar dürli bahanalar bilen başlaryndan sowýarlar” diýip, ol gözüne ýaş aýlaýar.

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligniň bir resmisiniň aýtmagyna görä, ýaşaýyş şertini gowulandyrmaga mätäç, diňe 1-nji topara degişli maýyplaryň sany 200-den hem geçýär.

Özüne öý berilmedik birinji topara degişli maýyplaryň närazyçylygyna häkimiň, “Men siziň haýsy biriňize öý bereýin, maňa berlen öý bary-ýogy 12 sany, siziň sanyňyz bolsa 200-den aňyrda” diýip jogap gaýtarýandygyny hem maýyplar aýdýarlar.

Aşgabat şäherinde maýyplaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen gurlan bir korpus jaýyň maýyplar barada döwletiň alada edýändigini dünýä jemgyýetine görkezmek üçin, ýagny göz üçin gurulman, onuň dowamly bolmagyna, öý ýetmedik maýyplar umyt baglaýandyklaryny aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG