Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kubanyň döwlet mediasy öňki lider Fidel Kastronyň oglunyň öz janyna kast edendigini habar berdi


Fidel Castro Diaz-Balart

Kubanyň döwlet mediasy ýurduň öňki lideri Fidel Kastronyň 68 ýaşly oglunyň öz janyna kast edendigini habar berdi.

“Granma” atly resmi neşri “agyr depressiýa sebäpli birnäçe aýlap doktorlaryň garamagynda bolan Fidel Kastro Diaz-Balart şu gün irden öz janyna kast etdi” diýip, 1-nji fewralda çap eden maglumatynda mälim etdi.

Öz kakasyna meňzeýändigi sebäpli “Fidelito” ady bilen tanalan Fidel Castro Diaz-Balart Kubanyň öňki lideriniň 11 çagasynyň biridi.

Döwlet mediasyna görä, Fidel Kastro Diaz-Balart döwlet geňeşiniň ylym boýunça maslahatçysydy we Kubanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentidi. Ol Fidel Kastronyň birinji aýaly Mirta Diaz-Balart y Gutierreziň ogludy.

Kommunistik Kubany onlarça ýyllap dolandyran Fidel Kastro 2016-njy ýylyň 25-nji noýabrynda 90 ýaşynda aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG