Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň öňki prezidentiniň kiçi gyzy UNESCO-daky wezipesinden çekildi


Lola Karimowa-Tillýaewa

Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Karimowyň kiçi gyzy 2-nji fewralda ýurduň BMG-niň UNESCO çagalar fondundaky ilçisi wezipesinden çekildi. Lola Karimowa-Tillýaewa 2-nji fewralda berjaý eden bu karary barada bäş aý öňünden yglan edipdi.

“Şu gün meniň Özbegistanyň UNESCO-daky ilçisi wezipesindäki soňky günüm” diýip Karimowa-Tillýaewa aýtdy we özüniň “medeniýet, bilim, ylym we tebigaty goramak boýunça proýektlerde” işlemegi dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Şeýle-de, 39 ýaşly Karimowa-Tillýaewa, 2002-nji ýylda esaslandyran ynsanperwer guramasynyň çäginde maýyp çagalara kömek bermek üçin “ynsanperwer işlerini dowam etdirjekdigini” aýtdy.

2016-njy ýylda ýogalan awtoritar prezident Yslam Karimow ýurdy 27 ýylyň dowamynda dolandyryp, başga pikirliligi rehimsiz basyp ýatyrypdy.

Yslam Karimowyň ozalky ýyllarda pop aýdymçy, moda dörediji we diplomat bolan uly gyzy 45 ýaşly Gulnara Karimowa häzir tussaglykda saklanýar.

XS
SM
MD
LG