Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda baş örtgülerini taşlan 29 zenan tussag edildi


Iran hijab protests vida

Eýranyň polisiýasy aýallaryň köpçülik ýerlerinde baş örtgüli bolmagyny talap edýän kanuna garşy barha güýçlenýän protestleriň dowamynda öz hijablaryny aýryp taşlan 29 zenany tussag edendigini habar berdi.

“Tasnim” habar agentliginiň 1-nji fewralda habar bermegine görä, polisiýaaýallaryň baş örtgülerini zyňmaga daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň propagandasy arkaly “aldanandygyny” aýdýar.

Tussag edilen zenanlaryň ählisiniň Tähranda saklanyp, saklanmazlygy dessine mälim edilmedi.

Eýranda aýallaryň geýimlerine degişli düzgünler 1979-njy ýyldan bäri pugtalandyryldy. Yslam respublikasynda aýallaryň köpçülik ýerlerindäki geýimlerine degişli düzgünlere görä, olaryň bedeniniň we başynyň doly ýapyk bolmagy talap edilýär.

Ahlak polisiýasy düzgüne hormat goýmadyklary jezalandyrmak boýunça yzygiderli çäre geçirýär.

XS
SM
MD
LG