Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson ýer şarynyň günbatar böleginiň ýurtlaryny Orsýetden we Hytaýdan 'howatyrlyga" çagyrdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson ýer şarynyň günbatar böleginiň ýurtlaryny Orsýetiň we Hytaýyň regiondaky hereketlerinden “howatyr” bolmaga we ABŞ bilen işleşmäge çagyrdy.

“Latin Amerika diňe öz halklarynyň bähbidini göz öňünde tutýan täze imperiýa güýçler gerek däl diýip, Tillerson 1-nji fewralda regional ýurtlara saparynyň başynda Meksika ugramagynyň öňüsyrasynda Tehasda eden çykyşynda aýtdy.

Tillerson “güýçli guramalaryň we hökümetleriň öz halklaryna hem-de öz garaşsyzlygyny ýer şarynyň günbatar böleginde häzir peýda bolýan potensial basyp alyjy oýunçylardan goramaga jogapkärdigini” aýtdy we Orsýetiň “regionda ornaşmagynyň barha güýçlenmeginiň aladalandyrýandygyny” belledi.

Tillerson Moskwanyň “demokratik gymmatlyklara eýermeýän ýa-da hormat goýmaýan dostlukly däl režimlere ýarag we harby enjamlary satmagyny dowam etdirýändigini” belledi. Emma ol häzirki wagtda Çiliniň, Argentinanyň, Braziliýanyň we Perunyň iň uly söwda partnýory bolup durýan Hytaý babatynda has berk sözledi.

XS
SM
MD
LG