Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda başatgyç boýunça kanuna garşy çykýan 29 zenan tussag edildi


Eýranyň polisiýasy aýallara jemgyýetçilige çykanda dini başatgyjy ýapynmagy talap edýän kanuna garşy ýygjamlaşýan protest çärelerine goşulyp, ýapynjasyny çykaran 29 zenan maşgalany tussag edendigini aýdýar.

Tasnim habar agentliginiň 1-nji fewralda ýaýradan habaryna görä, polisiýa gulluklary başatgyjyny çykarýan zenanlaryň daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň alyp barýan propaganda çäreleriniň “aldawyna düşýändigini” öňe sürýär.

Saklananlaryň ählisiniň paýtagt tähranlydygy ýa-da däldigi dessine mälim bolmady.

Agzalýan yslam döwletinde aýallaryň lybaslary 1979-njy ýyldan bäri berk gözegçilikde saklanýar. Şonda, ýurtda yslama laýyk egin-eşik geýmäge mejburylyk girizilipdi.

Bu dres-kod, ýagny egin-eşik boýunça syýasat aýallardan köpçülige çykanda, olaryň saçlaryny we bedenlerini hökmany suratda örtmekleri talap edilýär.

Ýurduň Ahlak polisiýasy başatgyç boýunça düzgünlere baş egmeýänlere garşy, yzygiderli berk çäreleri geçirip durýar.

1-nji fewral güni peýda bolan habarlar şu hepdäniň dowamynda Tähranda azyndan 6 aýalyň birmeňzeş protest çärelerine gatnaşmakda aýyplanyp saklanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Özüne garşy gozgalan iş halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekensoň, bir aýal 28-nji ýanwarda deslapky tussaghanadan boşadyldy. Ol görnüşinden geçen aý dres-koda garşy parahatçylykly protest geçirmekde günälenip tussag edilipdir.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän ýurist Nasrin Sotoudeh 28-nji ýanwar güni özüniň Facebook sahypasynda “Ynkylap köçesindäki gyz boşadyldy” diýip ýazdy.

Ynkylap (Rewolýusia) köçesinde başatgyçsyz, betonyň üstüne çykyp protest bildirýän, ady jemgyýetçilige näbelli bir zenanyň wideosy 27-nji dekabrdan bäri sosial mediada uly meşhurlyga eýe boldy.

Şol zenan tussag edilensoň, Amnesty International Eýranyň häkimiýetlerini ony “dessine we hiç hili şert goýmazdan” azat etmäge çagyrdylar.

Düýbi Londonda ýerleşýän bu gurama häkimiýetlere edýän çagyryşlaryny gaýtalap, “mejbury ýapynja garşy çykýan aýallaryň jezalandyrylmagyny soňlamaga we bu kemsidiji hem-de masgaraçylykly çärelerden el çekmäge” çagyrdy.

Eýranda bu egin-eşik syýasatyna garşy çykyp, başatgyjyny aýyrýan zenanlar birnäçe hepdeläp tussag astynda saklanyp bilýärler.

Eýranyň köçelerinde dekabr aýynda tutaşan has uly protestlerden soň, dres-kod boýunça nägilelik çäreleri ýaýrap başlady.

Ilkibaşda bahalaryň galmagy sebäpli tutaşan hökümete garşy protestler soňlugy bilen has giň gerimli demonstrasiýalara ýazyp, olaryň dowamynda azyndan 22 adam öldürildi we 1000 adam tussag edildi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani entek başatgyçlar boýunça protestler barada gönüläp çykyş etmedi, ýöne ol mundan ozal şeýle ýagdaýlarda häkimiýetleri aram çäreleri görmäge çagyrypdy.

“Eger-de biziň arkamyzda halk durmasa we biz olaryň tankytlaryny görmediksiresek, onda biz hiç zady edip bilmeris” diýip, Rohani 31-nji ýanwarda çykyş etdi.

Ähli resmiler halkyň aladalaryna we arzuw-hyýalyna gulak asmaly, diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG