Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal yslamçy alym Ramadan aýal zorlamakda aýyplanýar


Tarik Ramadan

Tanymal yslam alymy Tarik Ramadan Fransiýada, iki aýalyň beren görkezmesi esasynda, jynsy zorlukda aýyplandy.

Şweýsar raýaty bolan Ramadan 2-nji fewralda adam zorlamakda we goragsyz adamy zorlamak aýyplamalaryna aýyplandy diýip, Fransiýanyň sud ulgamyndaky çeşme aýtdy.

Fransuz resmileri 31-nji ýanwarda 55 ýaşyndaky Ramadanyň “deslapky derňew bilen baglylykda” saklanylýandygyny aýtdylar.

Musulman feminist aktiwisti Henda Aýari Ramadanyň özüni 2012-nji ýylda Pariždäki bir myhmanhananyň otagynda zorlandygyny aýdýar. Ady aýdylmaýan ikinji bir aýal bolsa onuň özüni 2009-njy ýylda, Lyondaky bir myhmanhanada zorlandygyny öňe sürýär.

Ramadan bu aýyplamalary inkär edýär we onuň aklawçylary bu aýallary alymy biabraý etmek üçin dilleşmekde aýyplaýar.

Atasy Müsüdrde yslamçy “Musulman doganlygyny” esaslandyran Ramadan Oksford uniwersitetiniň häzirki zaman yslam öwremeleri professorlygyndan dynç alşa çekildi.

Günbatar mediasynda ýygy-ýygydan peýda bolýan Ramadanyň Facebookda 2 milliondan gowrak eýerijisi bar.

XS
SM
MD
LG