Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrany baş örtgüsini aýran aýallary tussag etmekde ýazgarýar


Tähranda baş örtgüsi düzgünine protest bildirýän eýranly.
Tähranda baş örtgüsi düzgünine protest bildirýän eýranly.

Birleşen Ştatlar Eýrany azyndan 29 adamy “baş örtgüsini geýmek baradaky hökmany düzgüne garşy çykyp, özleriniň esasy adam hukuklaryny we azatlyklaryny ulanandyklary üçin” tussag etmekde ýazgardy.

Döwlet departamentiniň 2-nji fewraldaky beýanatynda sözçi Heazer Nauert ABŞ-nyň 1979-njy ýyldaky rewolýusiýadan soň girizilen mejbury eşik düzgünine garşy çykýan eýranlylary goldaýandygyny aýtdy.

Bu düzgün aýallaryň saçlarynyň we bedeniniň jemgyýetçilige çykanda örtülgi bolmagyny talap edýär.

“Adamlar öz geçjek eşigini saýlamakda, şeýle-de öz dinlerine isleýişleri ýaly uýmakda erkin bolmaly. Adamlary bu seçgiden mahrum etmek olaryň özbaşdaklygyny we mertebesini peseldýär” diýip, Nauert aýtdy.

Eýran polisiýasy 1-nji fewralda 29 aýaly tussag edendigini, olaryň Yslam respublikasynda jemgyýetçilige çykylanda çadyra geýmek düzgünine protest edip, baş örtgülerini aýrandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG