Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'çäreleriň uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolmalydygyny' aýdýar


Sport çärelerine gatnaşýan adamlar. Arhiw suraty
Sport çärelerine gatnaşýan adamlar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 2-nji fewralda geçirilen mejlisinde wise-premýer Bahargül Abdyýewa fewral aýynda geçiriljek medeni çäreler, binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçiriljek dabaralar we çäreler baradaky planlary prezidentiň garamagyna hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “meýilleşdirilen dabaralara, şol sanda ýylyň şanly wakalary hem-de durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyşy mynasybetli çärelere ünsi çekip, olaryň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy” diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Neşiriň maglumatyna görä, prezident bu “çäreleriň her biriniň uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolmalydygyny aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi”.

Türkmenistanda ýylda, hökümetiň gurnamagynda we köp adamy mejbury gatnaşdyrmagynda, onlarça baýramçylyk we beýleki köpçülik çäreleri geçirilýär.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen anonim şertde gürleşýän döwlet gullukçylarynyň, studentleriň köpüsi özleriniň mejbury we ýalan 'bagtlylykdan' halys bolandyklaryny gürrüň berýärler.


XS
SM
MD
LG