Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýä bikanun gelýän pakistanly, owganystanly türkmenleriň 'tejribeleri'


Haýrulla Myrat Çalyş, Stambulda ýaşaýan owgan türkmeni
Haýrulla Myrat Çalyş, Stambulda ýaşaýan owgan türkmeni

Owganystandaky durnuksuzlyk we şeýle-de Pakistanda ýurtdaky migrantlara garşy girizilen çäklendirmeler sebäpli ol ýurtlardan Eýranyň üsti bilen Türkiýä aşmak isleýän etniki türkmenleri sanynyň barha köpelýändigi aýdylýar.

Eýsem, Owganystandaky we Pakistandaky türkmen ýaşlaryny Eýranyň üstünden Türkiýä bikanun ýagdaýda gitmäge mejbur edýän sebäp ýa-da sebäpler näme? Türkiýä bikanun gelýän etniki türkmenler ýolda nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny şu soraglar esasynda taýýarlady. Gepleşigiň myhmanlary Stambulda işläp ýören türkmen zähmet migrantlaryndan owganystanly Haýrulla Murat Çalyş bilen pakistandanly Zaýn Kerim.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribeleriňizi ýa-da pikirleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp, dünýä türkmenleri bilen paýlaşyň.

Türkiýä bikanun gelýän pakistanly, owganystanly türkmenleriň 'tejribeleri'
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG