Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal rus oppozisioneri öz işiginde öli tapyldy


Oppozisiýa aktiwisti Konstantin Sinitsyn

Rus oppozisiýa aktiwisti Konstantin Sinitsyn ýaşaýan kwartirasynyň alkymynda, Sankt-Peterburgdaky köp gatly jaýyň girelgesinde kellesine ýara salnan ýagdaýda, öli tapyldy.

Sankt-Peterburgyň Kanunçylyk assambleýasynyň deputaty Boris Wişnewski bu habary 2-nji fewralda çap etdi, ýogsa bu waka 26-njy ýanwarda bolana meňzeýär.

Wişnewski Sinitsyn kellesindäki ýaradan öldi, polisiýa güman edilýän jenaýatçyny tussag etdi diýdi.

53 ýaşyndaky Sinitsyn Sankt-Peterburgda guralýan demokratiýa tarapdar we korrupsiýa garşy demonstrasiýalara yzygiderli gatnaşýardy.

Ol 2015-nji ýylda uzak aralyga gatnaýan sürüjileriň ýol nyrhlarynyň gymmatladylmagyna garşy gurnan protestler tolkunyny goldady.

XS
SM
MD
LG