Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HOK öň gadagan edilen orsýetli 15 türgeni Gyşky olimpiýa oýunlaryna çagyrmaz


5-nji fewralda Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) Günorta Koreýada geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlaryna doping aýyplamalary ýatyrylan ýene-de 15 sany orsýetli türgeni we tälimçini çagyrmajakdygyny aýtdy.

Bu türgenler sport çärelerine gatnaşmaga ömürlik gadagançylygy aýrylan 28 türgeniň arasyndady. Bu baradaky karar dünýäniň sport boýunça Arbitraž sudy tarapyndan 1-nji fewralda çykarylypdy.

Bu karar Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan orsýetli 28 türgene garşy girizilen gadagançylygy ýatyrypdy.

Şonda dünýäniň sport boýunça Arbitraž sudy türgenleriň 2014-nji ýylda Russiýada geçirilen Gyşky olimpiýa oýunlarynda döwlet tarapyndan goldanylan doping ulgamyndan peýdalanandygy barada “kanagatlanarlyksyz” delilleriň bolandygyny mälim edipdi.

Orsýetiň Olimpiýa komiteti gürrüňi edilýän 28 türgeniň 15 sanysyny Günorta Koreýanyň Pehnçhan sebitinde geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlaryna ugratmak isleýändigini yglan edipdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG