Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, ABŞ Siriýanyň hökümetini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplamagyň üstünde tutuşdylar


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý

Orsýet we ABŞ Siriýanyň hökümetiniň gozgalaňçylaryň elindäki giňişliklerde himiki ýaraglary ýene ulanmagynyň güman edilmeginiň üstünde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde tutuşdylar.

ABŞ-nyň ilçisi Nikki Haleý 5-nji fewralda Orsýeti Başar al Assadyň goşunynyň Gündogar Ghouta regionyndaky hüjümlerde himiki ýaraglary ulanmagy barada “onlarça pidanyň anyk subutnamalaryna” garamazdan derňewleri petiklemekde aýyplady.

Siriýada 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri prezident Başar al-Assada ýardam bermek boýunça harby operasiýalary geçirýän Orsýet aýyplamalary ret edýär we “galp” diýip atlandyrýar.

“Hiç bir jogäpkäriň anyklanmadyk ýagdaýynda himiki ýaraglary ulanmakda Siriýanyň hökümetini aýyplamagyň esasy maksady bize mese-mälim” diýip, Orsýetiň ilçisi Wasiliý Nebenziýa jogap berdi.

Iki ýurduň arasyndaky aýyplamalar BMG-niň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň üstüni açmak boýunça derňewlerini dowam etdirmek boýunça rezolýusiýasyny Orsýetiň noýabra aýynda böwetlemeginiň yzýany edilen çykyşlary gaýtalady.

Siriýa himiki ýaraglaryň ulanylmagyna degişli aýyplamalary yzygiderli ret edip gelýär. Derňew topary 2015-nji ýylda Siriýada amala aşyrylan hüjüme “Yslam döwleti” toparynyň jogapkärdigini anyklady.

XS
SM
MD
LG