Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň 32 sportsmeni Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin şikaýat suduna ýüzlendi


Pyeongçang, 30-njy ýanwar, 2018

Orsýetiň jemi 32 sany sportsmeni, şol sanda alty sany altyn medalyň eýesi Wiktor Ahn Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiliginiň ugrunda Sport boýunça şikaýat suduna (CAS) ýüz tutdular.

Parižde ýerleşýän arbitraž suduň 6-njy fewralda çap eden beýanatynda şikaýata 7-nji fewralda seredilmeginiň mümkindigi aýdylýar.

Halkara olimpiýa komiteti Günorta Koreýanyň Pyeongçang şäherinde geçiriljek Gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga rugsat berlen 28 sany orsýetli sportsmenden 15-ni çagyrmakdan ýüz öwürdi we geçirilen barlaglarda olaryň gadagan edilen dermanlary ulanmagy boýunça şübheleriň dörändigini aýtdy.

5-nji dekabrda Halkara olimpiýa komiteti Orsýetiň ýygyndy komandasynyň Gyşky olimpiada gatnaşmagyna gadagançylyk girizip, barlaglaryň Orsýetde sportsmenleriň doping ulanmagynyň döwlet tarapyndan guramalaşdyrylmagynyň subut edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG