Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk işçilerine türkmen ilçihanasynyň öňünde piket gurnamaga rugsat berilmedi


Türkmenistanda işlän döwründäki zähmet haklaryny alyp bilmändigini aýdyp, Ankaradaky türkmen ilçihanasynyň öňünde birnäçe gezek jemlenen türk işçilerine bu gezek polis piket gurnamaga rugsat bermedi.

Türk işçileri Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň işgärleriniň söz beren möhlediniň dowamynda, öz problemalary barasynda bir netije alynmandygyna nägilelik bildirip, 5-nji fewralda gaýtadan has giňgerimli protest geçirmek üçin, Türkiýäniň paýtagtynda jemlendi. Ýöne bolup biljek protest ýörişi barasynda owaldan habardar edilen polis gullugy türk işçileriniň Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde üýşmäge rugsat bermedi.

Türk işçileri bilen gepleşik geçiren raýat geýimli polisler Türkiýede başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanşygyndan bäri dowam edip gelýän adatdan daşary ýagdaý düzgüni sebäpli ýurtda protestlere, üýşmeleňlere we piketlere rugsat berilmeýändigini bildirdi. Ondan soň türk işçileri golaýdaky bir seýilgähde jemlenip, metbugata beýannamasyny okadylar.

Türk işçileriniň metbugat beýannamasynda şeýle diýilýär:

“Işdeşler, biz bu gün bu ýerde 2 ýyldan bäri alyp bilmeýän zähmet haklarymyzy almak üçin, gaýtadan jemlendik. Şu wagta çenli ençeme gezek ilçihanalara we degişli dürli edaralara ýüz tutduk. Hatda Aşgabatdaky ýerli firmalar bize bergileriniň ýokdugyny bildirdi. Ýöne Türkmenistanyň telekeçiler bileleşigi bize beren resminamasynda, ýerli türkmen gurluşyk firmalarynyň türk işçilerine bolan bergileriniň hökman tölenjegini aýan etdi. Ýöne şu wagta çenli bir netije bolmady. Bizi diňe boş wadalar bilen garaşdyryp, güýmäp gelýärler. Biz indi mundan beýläk Türkmenistanyň telekeçiler bileleşiginden we beýleki degişli edaralardan hiç hili netijä garaşmaýarys. Biz indi Türkmenistanyň prezidentinden kömege garaşýarys. Biziň problemamyzy diňe Türkmenistanyň prezidenti çözüp biler. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk işçileriniň zähmet haklaryny türkmen gurluşyk firmalaryndan alyp bermegine garaşýarys”.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan türk işçilerinden Ramazan: “Ajaýyp bina” atly türkmen gurluşyk firmasy türk işçileriniň zähmet haklaryny tölemegi kabul etdi we häzir bu ugurda tagallalar edýär. Ýöne beýleki iki firma näme üçin türk işçileriniň zähmet haklary barasynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň tagallalaryna gulak asanok, biz oňa düşünip bilemizok. Ýöne Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gurluşyk firmalaryna türk işçileriniň zähmet haklaryny töledýänçä biz metbugatda, sosial mediada we dürli ýerlerde çykyşlarymyzy dowam etdireris” diýdi.

Ýatlap geçsek, türk işçileri iki ýyldan bäri türkmen gurluşyk firmalarynyň zähmet haklaryny tölenmeýändigini aýdyp, dekabr aýynyň ahyrynda, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde piket geçirip, metbugat beýannamasyny beripdi. Ondan soň 18-nji ýanwarda türk işçileri gaýtadan türkmen ilçihanasynyň öňünde protest gurnamak islände, Türkmenistanyň Ankaradaky doly ygtyýarly baş ilçisiniň töwellasy bilen raýyndan gaýtarylyp, 15 güniň dowamynda olaryň problemasyny çözmegi wada berendigi aýdylypdy.

Bir türk işçisi nägilelikleriň Azatlyk Radiosynda eşitdirilmeginden soň bergili üç türkmen firmanyň biri bolan “Ajaýyp bina” atly türkmen gurluşyk firmasynyň öz zähmet haklaryny töläp başlamaga razy bolandygyny aýan etmek bilen, işdeşleriniň adyndan Azatlyk Radiosyna minnetdarlygyny bildirýär.

Sözi jemläp aýtsak, Azatlyk Radiosy ady agzalýan türkmen gurluşyk firmalaryndan bu ýagdaýlar barasynda nähilidir bir kommentariýa alyp bilmeýändigi üçin, olaryň adyny efirde tutmakdan saklanýar.

XS
SM
MD
LG