Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýarawsyz bolan bolup, maýyplyk puluny alýanlar köpelýär"


Lebap. Odun satyp, gün görýän adam. 2014 ý.
Lebap. Odun satyp, gün görýän adam. 2014 ý.

Ýurdumyzda jögiler juda köpeldi...Olar ýarawsyzlyk posowýasyny alýarlar. Ýöne bu meseläniñ soñy däl...

Bular ýönekeý işçilerden, daýhanlardan gowy ýaşaýarlar. Biz işçiler ýalandan jögiçilik etmän, Paýtagta ýa-da Awaza ýaly ýaşaýan ýerlerimizden has uzaklara gazanç etmek üçin, işlemäge gitmeli bolýarys. Bu sebäpli, ýaşaýan sebitlerimizde bolýan ýakynlarymyzyñ märekelerine, toýlaryna hem köplenç gatnaşyp bilmeýäris. Emma tersine ýalandan ýarawsyz bolan bolup, maýyplyk puluny alýanlar mydama öz ilinde, ýyly jaýynda hemişe oba märekelerinde bolmak bilen olaryñ hemişe dili uzyn. Märeke sowujy gaty akylly we abraýly bolan bolýarlar.

Özüni maýyp diýip posowýa alýanlaryñ köpüsi her aýda pul almaly wagty gelende aralaryna düşen ýek-seýrek Pensiýenerleri Nobatdan itekläp gysyp çykaryp göýberýärler. Hat-da garry pensiýenerleri bularyñ bas-basdaklygyndan dyndaraýyn diýip pensiýesini almaga nobata durup göremde, Ýaş ýigit bolsam hem özümi olardan fiziki taýdan gowşagrak duýdum.

Sebäbi olaryñ gaty uly güýç bilen biri-birini itekleýişlerine haýran galdym. Bularyñ bolşuny wideo-kamera alaýmasañ görmeseñ eşidip ynanar ýaly däl. Bulary kim maýyplyga çykardyka?! Künjara, kepek, un ýaly harytlaryñ bas-basdaklygyny döretýänler hem köplenç şular ýalylar. Bularyñ arasynda 100% sagdynlary gaty köp bolansoñ, özlerine gerek bolanda iñ agyr fiziki zähmeti hem kemsiz oñarýanlary köp.

Hökümet adalatly bolmaly... Biz harby gullukda bolup, ýurdumyzy 2 ýyl goradyk. watana peýda berdik. Bize Şonda-da ýeñillikler edilmän jögiçilik edýänlere edilýär. Jögilerden Halka-da, Döwlete-de we Hökümete-de peýda ýok. Eger ýurdumyz hakykatdan hem ykdysady taýdan kynçylyk çekýän bolsa şu jögilere pul bermesin. Ýa-da hemmäni deñ tutup, işsizlere-de kömek puluny bersin.

Aslynda bu haty Prezidentiñ hut özüne ýazmakçydym. Emma oýlanyp gördüm. Howpsuzlyk sebäpli saklandym. We size haýyşt etdim.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG