Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowuk howada prezident çagalaryň ‘alkyşy bilen ýylandy’


7-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze zaman obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar.

7-nji fewralda Aşgabadyň gaýrasynda gurulýan Täze zaman obasynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň döwlet telekanallarynyň “Watan” habarlar gepleşiginde teleýaýlymda görkezildi.

Bir we iki gat ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bu täze posýologyň çäginde mekdebiň, saglyk öýüniň, söwda merkeziniň, çagalar bagynyň hem gurlup, ilata hyzmat etmäge taýýardygy habar berildi.

Ilaty iň bir gynandyrýan zat bolsa, aýazly sowuk howalarda çagalaryň bu çäre üçin sowuga daňylyp birnäçe sagatlap aýak üssünde duruzylmagy diýip, şeýle çärelere gatnaşdyrylýan çagalaryň saglyklarynyň juda ýaramazlaşýandygyna ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

“Şäherde bolýan öňki açylyş çärelerinde bolşy ýaly bu gezek hem çagalarymyz ençeme sagat sowuk howada aýak üstünde durmaly boldy. Ýurtdaky ykdysady ýagdaýlardan alada galan prezident çagajyklaryň alkyşy bilen göwnüni aldajak bolýar. Ýöne çagalaryň aladasyny edýän ýok” diýip, jany ýanan ene-atalaryň biri başyny ýaýkaýar.

Emma Täze zaman obasynyň ozalky gurlan tapgyrlarynyň ýaşaýjylaryndan açylyş dabarasynda mahabatlandyrylýan sosial maksatly binalaryň uzak wagtlap ilata hyzmat etmäge taýýar bolmaýandygyny hem eşitse bolýar.

Howul-hara gurlup, açylyş dabarasy üçin taýýarlanylýan sosial maksatly binalaryň açylyşdan soňra gapylary uzak wagtlap ýapylýar. Täze posýolygyň hem ýaşaýjysy ýok ýaly gum-gukluk bolup, käbir jaýlarda ýaşaýjy görnäýmese, köçelerde top oýnap ýörmeli diýip, Täze zaman obasynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Açylyş dabarasyndan soňky gum-guklugyň sebäplerini ýaşaýjylar bu jaýlardan jaýsyz kösenýän ýaşaýjylaryň däl-de, esasan gurply, ozaldan hem jaýlary ýetik adamlaryň jaý edinýändikleri bilen düşündirýärler.

Aşgabatly sürüji Amangeldiniň aýtmagna görä, 7-nji fewralda ir ertirden Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýollar ýapylyp, Çoganla we Çoganlynyň gaýrasynda ýerleşýän “Altyn-Asyr” bazaryna gatnaýan awtoulaglaryň gatnawy kesildi.

Howanyň 2-3 gradus sowukdygna garamazdan, ir ertirden dabara gatnaşmaly mekdep okuwçylarynyň, çagalar baglarynyň körpelerniň, talyplaryň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň ol ýere barmaly bolandyklaryny Amangeldi sözüne goşýar.

Döwlet baştutanynyň gelmegine garaşyp, aýak üstünde duran çagalaryňam, beýleki dabara gatnaşyjylaryňam birnäçe sagatlap sowuga çydam etmeli bolandyklaryny, bu dabara gatnaşan ýaşaýjylar hem tassyklaýarlar.

Her bir açylyş dabarasy ilatyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirýär. 7-nji fewralda Täze zaman obasynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasy hem, esasan “Altyn asyr” bazarynyň satyjylaryna-da, alyjylaryna-da öz ýaramaz täsirini ýetirdi.

“Ýollaryň ýapylmagy, awtoulag gatnawlarynyň kesilmegi bilen ozal hem pes söwdamyz uzakly güni togtady” diýip, “Altyn asyr” bazarynyň bir satyjysy aýdýar.

Aşgabadyň golaý-goltumyndaky etraplardan, obalardan “Altyn-asyr” bazaryna barýan ýaşaýjylaryň ýollaryň ýapylmagy sebäpli bazara baryp bilmän, yzlaryna dolanmaly bolandyklary hem aýdylýar.

“Her hepdäniň çarşenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri işleýän “Altyn asyr” bazarynyň alyjysyny hem-de satyjysyny kösemek üçin edil bilgeşleýin edilen ýaly, açylyş dabarasyny çarşenbe gününe belläpdirler. Açylyş dabarasynyň haýsy güni geçiriljekdigi barada ýönekeý halk öňünden bilmeýär. Her kim arzanrak bazar diýip, “Altyn asyr” bazarynyň işleýän gününe garaşýar. Emma ýygy-ýygydan geçirilýän çäreler sebäpli ýollar ýapylyp, ilat orta ýoldan yzyna dolanmaly bolýarlar. Kähalatlarda bolsa, maşyn dyknyşyklary sebäpli, yza hem dolanyp bilmän, çäre gutarýança awtoulagyň içinde oturmaly bolýan halatlarymyz hem bolýar” diýip, ownuk söwda bilen meşgul bolýan Aýlar aýdýar.

Aýlaryň aýtmagna görä, Täze zaman obasynyň nobatdaky açylyş dabarasy hem ýolagçylar üçin kynçylyklary döredip, esasan bazaryň işini bökdäpdir.

XS
SM
MD
LG