Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýada 23-nji Gyşky olimpiýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylýar


2018-nji ýylyň Gyşky olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, Phýongçhang, 8-nji fewral, 2018.

9-njy fewralda Günorta Koreýadanyň Phýongçhang şäherinde 23-nji Gyşky olimpiýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylýar. Iki sagatlyk açylyş dabarasynyň 35 müň çemesi tomaşaçysynyň arasynda döwlet we hökümet baştutanlary hem bar.

Olimpiýada üçin ýörite gurlan köşkdäki açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Sport boýunça halkara arbitraž sudunyň (CAS) yglan eden kararyna görä, 45 sany orsýetli sportsmene ýaryşa gatnaşmak gadagan edildi.

Orsýetiň 169 sany sportsmeni olimpik baýdagynyň astynda ýaryşar. Dekabrda Halkara olimpiýa komiteti Orsýetiň ýygyndy komandasynyň Gyşky olimpiada gatnaşmagyna gadagançylyk girizip, barlaglaryň Orsýetde sportsmenleriň doping ulanmagynyň döwlet tarapyndan guramalaşdyrylmagynyň subut edilendigini aýtdy. Orsýet aýyplamalary ret etdi.

Gyşky olimpiýa oýunlarynda Günorta we Demirgazyk Koreýalaryň bilelikde çykyş etjek komandasyna aýratyn üns berilýär. Demirgazyk Koreýa 22 sany sportsmenini ýollady. Onlarça ýyllaryň dowamynda ilkinji gezekGünorta we Demirgazyk Koreýalaryň sportsmenleri bilelkde Koreýa ýarymadasynyň baýdagynyň astynda çykyş ederler.

XS
SM
MD
LG