Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ beýleki meseleleri maslahat etmekden öň ýadro ylalaşygyna kepil geçmeli diýýär


Eýranyň ýadro gepleşikleri boýunça baş resmisi daşary işler ministriň orunbasary Abbas Arakçi
Eýranyň ýadro gepleşikleri boýunça baş resmisi daşary işler ministriň orunbasary Abbas Arakçi

Eýranyň baş resmisi Ýakyn Gündogar regionyna täsir ýetirýän beýleki meseleleri maslahat edip başlamagyň öňýany Günbataryň 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygynyň şowludygyny güwä geçmeli diýdi.

Daşary işler ministriň orunbasary Abbas Arakçi 8-nji fewralda Parižde geçirilen konferensiýada eden çykyşynda Tähranyň regional aktiwliginiň we raketa programmasynyň ABŞ-nyň çykmak bilen haýbat ylalaşygyna hormat goýýandygyny belledi.

“Häzir olar Eýrandan başga meseleleri diskussiýa etmegi soraýarlar. Biziň jogabymyz anykdyr: [ýadro ylalaşygyna] üstünlikli tejribe beriň we soň başga meseleleri maslahat ediň” diýip, Arakçi aýtdy. Ol ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýran babatyndaky syýasatynyň “destruktiw” bolandygyny we onuň Tähranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy, ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Orsýet bilen baglaşan ýadro ylalaşygynyň şertlerini bozandygyny aýtdy.

Arakçi Tähranyň hereketleriniň regiony durnuksyzlandyrýandygy barada öňe sürlen aýyplamalary ret etdi we ABŞ-ny, Ysraýyly we Saud Arabystanyny Ýakyn Gündogarda dartgynlylygy tutaşdyrmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG