Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl harbylary Siriýada siriýa we eýran nyşanalaryna 12 zarba urdum diýýärler


Ysraýyl esgerleri. Arhiw suraty
Ysraýyl esgerleri. Arhiw suraty

Ysraýylyň harbylary 10-njy fewralda Siriýada siriýa we eýran nyşanalarynyň 12-sini urdy we muny bir gün ozal bolan atyşykdan soňky “uly derejeli” hüjüm diýip häsiýetlendirdi.

"Birnäçe minut öň (ysraýyl uçary)... Siriýada Siriýanyň howa goranyş sistemasyny we eýran nyşanalaryny nyşana aldy” diýip, beýanatda aýdylýar.

"On iki sany nyşana, şol sanda howa goranyş batareýalaryna we dört sany eýran nyşanasyna, Eýranyň Siriýadaky harby birikmelerine hüjüm edildi” diýip, beýanatda hüjüm wagtynda Ysraýyla tarap uçara garşy raketalaryň hem atylandygy, munuň demirgazyk Ysraýylda hüşgärlik signallarynyň eşidilmegine getirendigi aýdylýar.

Siriýanyň döwlet habar gullugy SANA Siriýanyň howa goranyş ulgamynyň “täze ysraýyl agressiýasyna” gaýtawul berjekdigini aýtdy. Şeýle-de SANA, harby çeşmäniň sözlerine salgylanyp, ýurduň günortasyndaky harby pozisiýalara edilen hüjümiň öňüniň alnandygyny habar berdi.

10-njy fewral güni irden ysraýyl söweş uçary, Siriýadaky eýran nyşanalaryna hüjüm mahalynda, Siriýanyň howa goranyş ulgamynyň oka tutmagy netijesinde ýykyldy diýip, Ysraýyl harbylary aýtdy.

XS
SM
MD
LG