Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk goşunynyň dikuçary demirgazyk Siriýada urlup ýykyldy


Prezident Rejep Taýyp Erdogan

Türk goşunynyň dikuçary demirgazyk Siriýanyň Afrin şäheriniň golaýynda Siriýanyň Kürt halk goragy birliginiň söweşijileri tarapyndan urlup ýykyldy diýip, prezident Rejep Taýyp Erdogan 10-njy fewralda aýtdy.

"Ýap-ýaňy bir dikuçarlarymyzyň biri urlup ýykyldy” diýip, Erdogan Stambulda öz AK partiýasynyň agzalaryna ýüzlenip aýtdy. “Beýle zatlar bolar, biz uruşda... Biz dikuçary ýitirip bileris, emma olar munuň bahasyny tölär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Erdogan hiç bir pidany agzamady we bu hadysanyň beýleki detallaryny açmady.

Türk dikuçarynyň urlup ýykylandygy Afrindäki kürt söweşijileriniň sözçüsi Mustafa Bali tarapyndan tassyk edildi. Bu Türkiýäniň Siriýadaky raýat urşy başlaly bäri urlup ýykylandygy resmi taýdan tassyklanan ilkinji uçarydyr.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG