Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy Siriýadaky dartgynlyklary derhal gowşatmaga çagyrýar


BMG-niň başlygy Antonio Guterriş

BMG-niň başlygy Antonio Guterriş, Ysraýyl Siriýa howa zarbalaryny uranyndan soň, 2011-nji ýyldan bäri raýat urşunyň gowgasyna gaplanan ýurtda derhal dargynlygy gowşatmaga, deskalasiýa çärelerini görmäge çagyrdy.

BMG-niň sözçüsi Stefan Duýarriç 10-njy ferwaldaky beýanatynda Guterrişiň “Tutuş Siriýadaky harby dartgynlaşmany we bu ýadaýyň ýurduň serhetlerinden daşyna çogmak ähtimallygyny ýakyndan yzarlaýandygyny” aýtdy.

Sözçi Guterrişiň zorlukly ýagdaýlaryň ýüz berýän halatynda, şol sanda Ysraýylyň Eýran tarapyndan goldanylýan pozisiýalara zarba urýan, Türkiýäniň demirgazyk Siriýa goşun salýan pustaynda Siriýadaky we regiondaky ähli taraplaryň halkara kanunçylygyna boýun bolmagyna basyş edendigini aýtdy.

Ysraýyl 10-njy fewralda Siriýadaky eýran we siriýa pozisiýalaryna howa zarbalaryny urandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG