Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda ýene bir oppozision partiýa irki saýlawlary boýkot etdi


Ogtaý Gulaliýew, Aryf Hajyly we Mehman Alyýew

Azerbaýjanyň oppozisiýadaky “Musawat” partiýasy 11-nji aprele bellenilen irki prezident saýlawlaryna gatnaşmaz diýip, partiýanyň başlygy Aryf Hajyly 10-njy fewralda aýtdy.

“Musawat” Azerbaýjandaky esasy iki oppozisiýa güýjüniň biri bolup durýar. Beýleki partiýa, Demokratik Güýçleriň milli geňeşi hem 6-njy fewralda özüniň bu saýlawy boýkot etjekdigini aýtdy.

Bu habarlar prezident Ylham Alyýewiň 5-nji fewralda saýlawlary ozalky senesinden, 17-nji oktýabrdan 11-nji aprele, bärik süýşürmek barada çykaran kararynyň yz ýanyna gabat geldi.

Alyýewiň kararynda saýlawyň näme üçin irki möhlete geçirilýändigi aýdyňlaşdyrylmaýar, emma bu üýtgeşmäniň Azerbaýjanyň Konstitusiýasyna we Saýlawlar baradaky kanunyna laýyk gelýändigi aýdylýar.

Hajyly bu möhlet üýtgetmesini “Alyýewiň dolandyryşyny ýene bir ýedi ýyla uzaltmak operasiýasy” hökmünde ýazgardy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG