Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda garaşsyz žurnalistiň deslapky tussag möhleti uzaldyldy


Haýrullo Mirsaidow
Haýrullo Mirsaidow

Deslapky tussag möhleti ýene bir iki aý uzaldylandan soň, adam hukuklaryny goraýanHuman Rights Watch (HRW) täjik häkimiýetleriniň tanymal žurnalist Haýrullo Mirsaidowy derhal azat etmegi baradaky çagyryşyny gaýtalady.

“Täjigistandan şum habar: garaşsyz žurnalist Haýrullo Mirsaidowyň deslapky tussag möhleti ýene IKI AÝ uzaldyldy” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk toparynyň Merkezi Aziýa boýunça ylmy barlagçysy Steve Swerdlow 10-njy fewralda twitterde ýazdy.

“Ol bikanun tussag edildi we eýýäm iki aý bäri gözenegiň arkasynda otyr” diýip, Swerdlow ýazýar. “Bu adalat parodiýasy indi soňlanmaly” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Mirsaidow dekabr aýynda pul ýoklamakda, galplykda, polisiýa nädogry maglumat bermekdewe etniki hem dini ýigrenji öjükdirmekde aýyplandy, eger-de sud edilip, günäli tapylsa, onuň 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.

Žurnalistiň kakasy Habibullo Mirsaidov Azat ýewropa/Azatlyk radiosyna oglunyň bu aýyplamalary ret edendigini aýtdy.

Mirsaidow başda 5-nji dekabrda, öz dogduk şäheri Hojantda, prezident Emomali Rahmona, Baş prokuror Ýusuf Rahmona we Sughd regionyň gubernatory Abdurahmon Kodirä açyk hat çap edip, ýerli häkimiýetleriň korrupsiýasynyň öňüni almagy sorandan soň tussag edildi.

XS
SM
MD
LG