Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň “Talybany” öz lideriniň orunbasarynyň ölümini tassyklady


Pakistanyň kartasy

Pakistanyň “Talyban” topary ýurduň Demirgazyk Waziristan regionynda öz lideriniň orunbasarynyň ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň hüjüminde wepat bolandygyny tassyklady.

“Tehrik e-Talyban Pakistan” toparynyň metbugat-wekili Azam Tarik Mehsudyň 12-nji fewralda aýtmagyna görä, toparyň ýolbaşçysynyň orunbasary Halid Mehsud Gorwak obasyna amala aşyrylan hüjümde wepat bolupdyr.

Mudan öň Mehsudyň ölümi barada Pakistanyň howpsuzlyk resmileri 8-nji fewralda habar beripdi. Olaryň sözlerine görä, bu ýagdaý Owganystanyň Patika regionynda Pakistan bilen serhediň golaýynda bolupdyr.

“Tehrik e-Talyban Pakistan” toparynyň metbugat-wekili toparyň ýolbaşçysy Molla Fazlullahyň özüne täze orunbasar edip, komandir Mufti Noor Walini belländigini mälim etdi.

Öldürlen talyban ýolbaşçysynyň 2011-nji ýylda Karaçiniň harby-deňiz bazasyna edilen hüjüme we 2012-nji ýylda Bannu şäherinde türmä edilen hüjüme gatnaşygynyň bolmagy güman edilýär.

Pakistan öz territoriýasynda ABŞ-nyň sürüjisiz uçarlarynyň amala aşyrýan hüjümlerine garşy çykyş edýär we munuň ýurduň territorial bütewüligini bozýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG