Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz žurnalisti kaşaň jaýlaryň eýeçiligi baradaky makalasy sebäpli sud edilýär


Elnura Alkanowa
Elnura Alkanowa

Gyrgyzystanly žurnalist öz derňeýji maglumatynda söwda syrlaryna eýe bolmakda we olary köpçülige mälim etmekde günälenip sud edildi. Bu barada Elnura Alkanowa aklawçysy AÝ/AR-na aýtdy.

Jyrgal Babaýewiň sözlerine görä, Elnura Alkanowa 13-nji fewralda sud edilipdir. Aklawçy öz müşderisiniň bigünädigini aýdýar we onuň diňe žurnalistik işini berjaý edendigini belleýär.

Dekabr aýynda Ykdysady jenaýatlara garşy döwlet gullugy Alkanowanyň premýer-ministr Sapar Isakowyň garyndaşlaryna ýakyn kompaniýanyň Bişkekde 48 sany gymmatbaha kaşaň jaýy satyn alandygy barada beren habaryny derňäp başlapdy.

Agzalan jaýlar öň Gyrgyzystanyň öňki prezidenti 2010-njy ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilen Kurmanbek Bakiýewiň eýeçiliginde bolupdy. Bakiýew ýurdy terk edensoň, döwlet bu emlägi öz eýeçiligine geçirdi.

Alkanowanyň maglumaty çap bolansoň, Gyrgyzystanyň baş prokuraturasy derňewe başlady.

Gyrgyz hökümeti žurnalist bilen işleşýän Moskwadan ýerleşän Fergana.ru neşrinden makalany köpçülikleýin ret etmegi we ötünç soramagy talap etdi. Neşir ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG