Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: Otuz ýyl bäri düzelmedik ýollarymyz haçan düzelerka?!


Daşoguzdaky ýollaryň biri
Daşoguzdaky ýollaryň biri

Hormatly prezidentimiz!

Siz ýurdumyzyň iň uly, iň jogapkärli we şol bir wagtyň özünde-de iň uly erk-ygtyýarly bolan emeldarysyňyz! Siziň ägirt uly jogapkärçilikli wezipäňiziň hatyrasyna size ýekeje hem nädogry maglumaty ýetirmegiň uly ýalňyşlykdygyna berk düşünmek bilen, adalatly bir hakykaty size uly bir hormat bilen ýetirmek isleýän.

Indi ençeme ýyl bäri, welaýatara ýollaryň talaba laýyk bolup hiç bitmeýändigini, bir ýerini oňaryp bolýançalar, onuň öň ýanynda oňarlan ýeriniň sandan çykýandygyny, munuň netijesinde ulagly bu ýollardan aşmaly bolanda ulaga uly tehniki, eýesine bolsa maddy zyýanyň ýetýändigini siziň hut özüňize ýetirmegi makul bilýärin.

Taryhda beýik soltanlara hut özüniň emeldarlary tarapyndan ýalan, galp maglumatlar berilmeginiň netijesinde geçmişdäki beýik döwletlerimiziň ýykylmagyna sebäp bolan käbir gynançly maglumatlary okanyňda gaty gynanýarsyň. Indi biz ylmy taýdan ösen döwürde ýaşaýarys. Ylma daýanyp geçmişde göýberilen hatalary gaýtalamajak bolmaly. Elbetde size ýollar gowy diýip aldaýan bolaýmasynlar diýip, Öz gözüm bilen gören ýagdaýlarymy aýtýaryn.

Ýollarymyz gaty erbet. Aşgabatdan Daşoguza ulagymda geçdim. Baryp gelenimde ulagyma tekiz ýolda 5 ýylda süreňde-de ýetmejek zyýan ýetdi. Indi bu ulaga uzak ýere ynam edip münmäge gorkýan, öýüme sag-aman ýetip bilse bolýar diýdim.

600 km çemesi ýoly bar eken. Onuň zordan 100km çemesi ýeri oňuşarlyk gowy. Galan 500km töweregi ady ýol diýäýmeseñ... Ýoldaky erbet çukurlar, üýşmek aswaltlar sowup gutarar ýaly däl. Ulagyň abat geçmejegini bilip, gaty haýal sürüp 12 sagatda geçdim. Bolmasa ulagym orta ýolda galjakdy. Daşary ýurtlaryň gowy ýollaryna gözümiz gidýär. Biz haçan şonuň ýaly gowy ýollarda maşyn süreris?!

Hormatly Prezidentimiz eger bu zatlara ynanmasaňyz, özüňiz ulagyňyzda bu ýoldan geçip görüň. Siziň maşgalaňyza degişli birwagt saýlawa münip baran ak reňkli žiguli ulagyňyz-a bu ýoldan aşyp hem bilmez. Siziň ulagyňyzyň ýolda bozulyp galmagyny islemeýärin. Şonuň üçin çydamly ulagda bu ýoly barlap görmegiňizi haýyşt edýärin. Belki şonda muny düzetmäge bir çäre döredersiňiz...!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG