NATO-nyň 29 agzasy bileleşigiň 2024-nji ýyla çenli goranyş boýunça çykdajylaryna degişli planyny işläp düzdüler, çykdajylaryň umumy möçberi 46 milliard dollar artdyrylar diýip, guramanyň baş sekretary Jens Stoltenberg aýtdy.
“Bu duýarlykly öňegidişlik we gowy başlangyç” diýip, Stoltenberg NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brusselde geçirilýän maslahatynyň öňýanynda 13-nji fewralda aýtdy.
NATO-nyň ýolbaşçysynyň bu çykyşy ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň ABŞ-nyň Ýewropadaky ýaranlaryna harby çykdajylary artdyrmak üçin basyş etmeginiň garaşylýandygy barada habar berilmeginiň yzýanyna gabat geldi.
NATO-nyň maksatnamasyna görä, agzalarynyň her biri öz içerki önümçilik derejesiniň 2% möçberinde goşant goşmaly, emma gurama girýän ýurtlaryň köpüsi bu talaby şu çaka doly berjaý etmändi.
Думаю, Туркменские власти не пойдут на это, потому что если у интернетпользователя будет возможность к спутниковому интернету, то его интернет тракт не пройдет через провайдер ТМ СЕLL. А интернетконтроль пользоват