Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Owganystandaky uruşda parahat ilatdan ölen adamlaryň sany 9% pese gaçdy


Howa zarbalarynda ýaralanan owgan oglany ýurduň Jalalabat şäherindäki keselhanada bejergi alýar. 2-nji ýanwar, 2018 ý.
Howa zarbalarynda ýaralanan owgan oglany ýurduň Jalalabat şäherindäki keselhanada bejergi alýar. 2-nji ýanwar, 2018 ý.

Owganystanda uruşda parahat ilatdan ölen adamlaryň sany 9% pese gaçdy diýip, Birleşen Milletler Guramasy (BMG) aýdýar.

BMG-niň Owganystandaky Ýardam missiýasy (UNAMA) we BMG-niň Adam hukuklary edarasy tarapyndan 15-nji fewralda ýaýradylan ýyllyk hasabatda 2017-nji ýylda parahat ilatdan 10,453 adamyň ölendigi ýa-da ýaradar bolandygy bellenilýär.

BMG-niň Owganystandaky Ýardam missiýasynyň ýolbaşçysy Tadamiçi Ýamamoto “ilatly punktlarda janyndan geçeniň bombalary ýaly “IED” gurallarynyň bikanun we düzgünsiz ulanyşynyň dowam etmeginiň özüni haýran galdyrandygyny” aýtdy.

Şeýle-de, hasabatda owgan howa güýçleri we halkara koalisiýa güýçleri tarapyndan amala aşyrylan howa zarbalarynyň sanynyň “düýpli” artandygy aýdylyp, munuň geçen ýyl Owganystanda parahat ilatdan ölen adamlaryň 6%-ni emele getirýändigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG