Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phýonçan: Germaniýa buzda jübüt bolup şekilli typmak boýunça altyn medala eýe boldy


Ukrainada doglan Alýona Sawçenko we onuň Fransiýada doglan partnýory Bruno Massot
Ukrainada doglan Alýona Sawçenko we onuň Fransiýada doglan partnýory Bruno Massot

Ukrainada doglan Alýona Sawçenko we onuň Fransiýada doglan partnýory Bruno Massot buzda jübüt bolup şekilli typmak boýunça Germaniýa altyn medaly getirdi.

15-nji fewralda Günorta Koreýanyň Phýonçan şäherinde geçirilýän Gyşky Olimpiýa oýunlarynda Sawçenko we Massot erkin typmak boýunça rekord görkezijini eýeläp, 159,31 bal aldylar. Munuň netijesinde olaryň umumy görkezijisi 235,90 bala barabar boldy.

Kanadaly Meagan Duhamel we Erik Radford bürünç medala eýe boldular.

34 ýaşyndaky Sawçenko ukrain paýtagty Kiýewiň golaýyndaky Obuhiw şäherçesinde doglupdy we ol buzda şekilli typmak boýunça karýerasyna 1990-njy ýyllaryň başynda Ukrainada başlapdy.

Sawçenko 2003-nji ýylda Germaniýa göçüp, bu ýerde Robin Szolkowy bilen buzda jübüt bolup şekilli typmakda meşgullandy. Bu jübüt 2010 we 2014-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlarynda bürünç medaly eýeläpdi.

XS
SM
MD
LG