Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky ýumrulan gatnaşyklar baş resmileriň ýokary derejeli howpsuzlyk konferensiýasyna ýygnananda ýene üns merkezine düşdi. Maslahaty alyp baryjy dünýäniň “uly konfliktiň üstünden barýandygyny” duýdurdy.
Munhende 16-18-nji fewral aralygynda geçirilýän şu ýylky howpsuzlyk konferensiýasy global jemgyýetçiliginiň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragy bilen haýbat atmagy, gündogar Ukrainadaky uruşdan çykalga tapmagyň petige direlmegi we Siriýadaky konflikt ýaly problemalaryň uly toplumy bilen ýüzbe-ýüz bolan pursadyna gabat geldi.
Konferensiýanyň başlygy Wolfgang Işinger Waşingtonyň we Phenýanyň arasyndaky durnuksyzlygyň güýçlenmeginiň, NATO-nyň we Orsýetiň aragatnaşyklarynyň ýaramazlygyň ýaragyň ýaýbaňlanmazlygy boýunça halkara ylalaşygynda “yza gaýdyşyň” ähtimallygy, “milletçiligiň we liberalsyzlygyň güýçlenmeginiň” halkara tertip düzgüniň “käbir esasy prinsiplerini gowşadýandygyny” aýtdy.
Guramaçylar konferensiýanyň gün tertibiniň Ýewropa Bileleşiginiň dünýädäki rolunyň we Orsýet, ABŞ bilen gatnaşyklarynyň hasaba alynmagynda düzülendigini aýdylar.