ABŞ-nyň BMG-däki wekili Nikki Haleý “Howpsuzlyk Geňeşiniň hereket etmegi üçin wagtyň gelendigini” aýtdy. Munuň bu çykyşynyň öňüsyrasynda BMG-niň çap eden hasabatynda Eýranyň Ýemeniň Huthi gozgalaňçylaryna ýarag satyp, guramanyň gadagançylygyny bozandygy aýdyldy.
BMG-niň bilermenler toparynyň geçen aýda taýýarlan hasabatynda guramanyň Ýemeniň Huthi gozgalaňçylaryna ýarag satmagy 2015-nji ýylda gadagan edenden soňra Eýranyň ballistik raketalarynyň we beýleki ýaraglarynyň Ýemene teklip edilendigi, şeýle-de Eýranyň şol ýaraglaryň gozgalaňçylara ýetmezliginiň öňüni almandygy anyklandy.
BMG-niň bilermenleri bu ýagdaýda Eýranyň ýarag gadagançylygyny bozandygy barada netije çykardy.
Şeýle-de, BMG-niň ýene bir rezolýusiýasy Eýranyň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan makullanmasa ýarag bermegini gadagan edýär.
“Dünýä bu gödek düzgün bozmalary jogapsyz galdyrmagyny dowam etdirip bilmez” diýip Haleý aýtdy.
BMG-niň diplomatlary Eýranyň ýarag söwdasynda baş goşan bidüzgünçiliklerine jogap hökmünde Ýemene ýarag satmak boýunça rezolýusiýa gaýtadan garalmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar. Eýran Huthi toparyna ýarag satýandygyny ret edýär.