Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara olimpiýa komiteti orsýetlileriň gatnaşmagyna garşy çykan agzasyny kowdy


Gyşky olimpiýa oýunlary, Pýongçang
Gyşky olimpiýa oýunlary, Pýongçang

Halkara Olimpiýa komitetiniň orsýetli sportsmenleriň gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna rugsat bermek boýunça kararynyň tankytçysy Pýongçangda geçýän oýunlardan kowuldy.

Halkara Olimpiýa komitetiniň britaniýaly agzasy Adam Pengilly 15-nji fewralda myhmanhananyň sakçylary bilen dawadan soň gitmek tabşyrygy bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Pengilly howpsuzlyk güýçleriň gözegçiliginden gaçandygyny we gödek sözleri ulanandygyny boýun aldy, emma wakada sakçyny iterendigini ret etdi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň metbugat wekili Mark Adams Pengillynyň kowulmagyna onuň olimpiýa oýunlarynyň dowam edýän wagtynda dawa baş goşandygynyň we öz hereketini boýun almagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

“Biz bu ýerde Oýunlarda howpsuzlyk bilen bagly hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Biz muny örän çynlakaý kabul etdik” diýip, Adams aýtdy.

Bobsleý we skeleton boýunça halkara federasiýasynyň wise-prezidenti Pengilly Halkara Olimpýa komitetiniň uly doping dawasy bilen baglylykda orsýetlileriň Pýongçangda geçýän gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna rugsat bermek kararyny goldamadyk iki agzasynyň biri.

XS
SM
MD
LG