Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýene bir aýal çadyra geýmäge garşy bolandygy üçin tutuldy


Eýran, protestçy aýal.

Eýranda hökmany çadyra geýmek düzgünine garşy protest bildiren ýene bir aýal tussag edildi.

15-nji fewralda YouTube kanalynda çap edilen wideo Tähranyň Ynkylap köçesindäki mähelläniň ýokarsyndaky beton blokda protest bildirip, ýaglygyny galgadyp duran aýaly görkezýär.

Soňra polisiýa gelýär we, aşakdaky aýallaryň “degme, öz gününe goý ony” diýip gygyrýan wagtynda, protestçi aýal zor bilen aşak düşürilýär.

Ol aýal öz protestini bu hili protestleriň dekabr aýynda ilkinji gezek bildirilen ýerinde, edil öňküler ýaly şekilde, şol bir görnüşde bildirdi.

Dekabryň aýagynda şunuň ýaly ilkinji protest bilen çykyş eden aýal Eýranda zor bilen saklanylýan berk eşik düzgünine boýun bolmazlygyň simwolyna öwrüldi.

Oňa “ynkylap köçesiniň gyzy” diýen lakamy berdiler.

Onuň 27-nji dekabrda gurnan prostesinden soň, başlaryndaky ýaglyklaryny aýryp, ony şemala galgatmak arkaly hökmany eşik düzgünine garşy protest bildiren birnäçe aýal tussag edildi.

XS
SM
MD
LG