Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň uçary ýykyldy, ondaky adamlaryň ählisi ýogalandyr öýdülýär


Fransiýada ýasalan eýran uçary

Eýranyň adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary eýran uçarynyň merkezi welaýat Isfahanda heläkçilige uçrandygyny, onuň bortunda onlarça adamyň bolandygyny aýdýarlar.

Döwlet mediasy uçaryň üstündäki ähli adamyň, 60 ýolagçynyň we alty ekipaž agzasynyň ýogalandyr öýdülýändigini aýtdy.

"Bu uçar Semirom töwereklerinde ýykyldy we adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary aýaga galdyryldy. Uçaryň üstünde 50-den 60-a çenli ýolagçy bardy” diýip, adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň başlygy Pir Hossein Koolivand “Fars” habar gullugyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, uçar Tähranyň Mehrabat aeroportundan uçup, günorta-günbatardaky Ýasuj şäherine dolanyp barýan eken.

Adatdan daşaýy ýagdaýlar gulluklarynyň sözçüsi Mojtaba Khaledi ýarym resmi ISNA habar gullugyna heläkçilik bolan ýerine dikuçar iberilendigini aýtdy.

"Uçaryň ýykylan ýeri daglyk ýer, ol töwereg tiz kömek maşynlaryny iberip bolmaýar” diýip, Khaledi aýtdy.

Häläkçiligiň anyk sebäbi belli däl.

XS
SM
MD
LG