Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu Eýrany “biziň dünýämize iň uly howp” atlandyrdy


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Eýran “biziň dünýämize abanýan iň uly howp” diýdi we halkara jemgyýetçiligini Tährandan “parahatçylyga wehim salýan” “režimiň” garşysyna durmaga çagyrdy.

Netanýahu bu sözleri 18-nji fewralda, Mýunhende guralan howpsuzlyk konferensiýasynda, dünýä liderleriniň we syýasy ekspertleriň ýygnanyşygynda eden çykyşynda aýtdy.

Ol Eýranyň ýolbaşçylaryny berk ýazgarmak bilen, 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyny tankyt etdi. Tähran bu ylalaşyk esasynda, sanksiýalaryň gowşadylmagynyň deregine öz ýadro programmasyny jylawlamaga razy boldy. Emma Netanýahu Eýranyň “ne içden, ne-da daşyndan aram ýurtdugyny” aýdýar.

Şeýle-de Netanýahu Eýran bilen Nasistik Germaniýanyň arasynda “örän uly meňzeşligiň” bardygyny öňe sürdi we Tähran Ysraýyly ýok etmek isleýär diýdi.

Şu gün, 18-nji fewralda konferensiýada Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif hem çykyş etmeli.

XS
SM
MD
LG