Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda milli boks çempionaty tamamlandy


Türkmen boksçylary. Arhiw suraty
Türkmen boksçylary. Arhiw suraty

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň boks boýunça çempionaty tamamlandy, onuň netijeleri boýunça şu ýyl Indoneziýada geçjek Aziýa oýunlaryna gatnaşmaly milli ýygyndy düzülerdiýip, TDH habar gullugy habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, aýallaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Gülşat Poladowa (49 kg çenli), Çemen Durdygylyjowa (54 kg çenli), Aýgül Atadurdyýewa (57 kg çenli) ýeňiji boldy;erkekleriň arasynda Zarip Jumaýew (52 kg çenli), Ýakup Merdanow (65 kg çenli) Hursand Imankuliýew (60 kg çenli) Muhammet Berdiýew (64 kg çenli), Timur Täjiýew (69 kg çenli) Nursähet Pazzyýew (75 kg çenli), Nurýagdy Nurdýagdyýew (81 kg çenli) Arslanbek Açylow (91 kg çenli) Beki Toýçyýew (91 kg-dan ýokary) dagy öňe saýlandy.

Türkmenistanyň boks boýunça ilkinji milli çempionatyna, ýaryşyň guramalarynyň çakylygy boýunça, professional boksçylar – dünýä çempiony Denis Lebedew, boks boýunça iki gezek olimpiýa çempiony Oleg Saitow, dünýäniň MMA boýunça ozalky çempiony Olge Taktarow, boks boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Serik Konakbaýew dagy hormatly myhman hökümde gatnaşdy.

Türkmen boksçylaryny olimpiýa çempiony, Türkmenistanyň baş tälimçisi Aleksandr Lebzýak 2018-nji ýylda Jakartada geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlamaly.

XS
SM
MD
LG