Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Latwiýanyň Merkezi bankynyň gubernatory tussag edildi


Latwiýanyň premýer-ministri Maris Kucinskis

Latwiýanyň premýer-ministriniň edarasy ýurduň korrupsiýa garşy agentliginiň Merkezi bankyň gubernatory Ilmars Rimseviksi tussag edendigini aýdýar.

Premýer-ministr Maris Kucinskisiň edarasy bu habary 18-nji fewraldaky beýanatynda, Rimseviksiň edarasynda we emläginde barlag-agtaryş işleriniň geçirilendigi baradaky habarlardan soň yglan etdi.

Latwiýanyň döwlet telewideniýesi LTV milli korrupsiýa garşy agentligiň (KNAB) Rimseviksiň ofisine we emlägine 16-njy fewralda reýd geçirendigini habar berdi.

Premýer-ministriň edarasy 19-njy fewralda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirip, bu ýagdaýy analizlejekdigini aýtdy.


XS
SM
MD
LG