Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýunhen: Zarif Netanýahuyň tankydy 'jogap bereniňe degmeýär' diýdi


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif
Howpsuzlyk maslahatynda çykyş edýär. 18-nji fewral, 2018.
Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif Howpsuzlyk maslahatynda çykyş edýär. 18-nji fewral, 2018.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif Ysraýylyň premýer-ministriniň ýokary derejeli howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip, Eýran barada aýdan gazaply tankydy bellikleriniň “jogap bereniňe-de degmeýändigini” aýtdy.

Zarif 18-nji fewralda Mýunhende,Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahuyň biraz öň çykyp gürlän ýyllyk howpsuzlyk maslahatynda çykyş etdi.

Netanýahu öz çykyşynda nazist Germaniýa bilen şu günki Eýranyň arasynda “örän uly çalymdaşlyk” görýändigini aýtdy. Şeýle-de ol Eýranyň “Ysraýylyň aýgytlylygyny synamaly däldigini” duýdurdy.

Zarif Netanýahuyň adyny agzaman, oturanlara olaryň şu gün irden “sirk karikaturasyna” şaýat bolandyklaryny aýtdy we oňa hatda jogap bermegiň hem manysyzdygyny belledi.

Zarif öz çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Orta Gündogardaky gatyşmalaryny, şol sanda onuň Owganystandaky we Yrakdaky harby operasiýalaryny berk tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG