Sport boýunça Halkara arbitraž sudy orsýetli kerling medalisti Aleksandr Kruşelnitskiýniň Pýongçangda geçýän oýunlarda dopingde aýyplanýandygyny tassyklady.
Sud özüniň 19-njy fewralda beren maglumatynda “Halkara Olimpiýa komitetinden gelen talapdan başga-da”, Kruşelnitskiýni öz içine alýan “prosedurany başladandygyny” aýtdy.
Kruşelnitskiý garyşyk jübütleriň bäsleşiginde öz aýaly Anastasia Bryzgalowa bilen bürünç medala eýe boldy.
Sport boýunça Halkara arbitraž sudy bu iş baradaky diňlenişigiň geçiriljek senesiniň heniz kesgitlenmändigini hem mälim etdi.
Kruşelnitskiý Pýongçangda geçýän Gyşky olimpiýa oýunlarynda doping aýyplamalary bilen agzalýan ikinji türgendir. Eger onuň doping aýyplamalary tassyklansa, onda bu orsýetli türgenleriň Pýongçangda geçýän oýunlaryň ýapylyş dabarasynda öz baýdaklaryny göterip ýöräp geçmeginden mahrum edilmegine getirip biler.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!