Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda sufileriň protestinde bäş howpsuzlyk işgäri wepat boldy, 300 adam tussag edildi


Kanun goraýjylaryň we sufi musulmanlaryň arasynda bolan çaknyşyklar, Tähran
Kanun goraýjylaryň we sufi musulmanlaryň arasynda bolan çaknyşyklar, Tähran

Tähranda kanun goraýjylaryň we sufi musulmanlaryň arasynda bolan çaknyşyklaryň dowamynda bäş howpsuzlyk işgäri wepat boldy we 300 adam tussag edildi diýip, polisiýa 20-nji fewralda habar berdi.

Derwişler diýlip tanalýan “Gonabadi Sufi” guramasy bir gün öň Tähranyň demirgazygynda dörän protestleriň dowamynda öz agzalaryndan azyndan biriniň kanun goraýjylar tarapyndan öldürlendigini aýtdy.

“Gonabadi” guramasynyň agzalary öz dini jemgyýetiniň azyndan bir agzasynyň tussag edilmegine nägilelik bildirmek üçin polisiýanyň öňüne jemlendiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Pars gullugynyň we sosial medianyň maglumatlarynda habar berilýär.

Sosial mediada peýda bolan we döwlet telewideniýesinde görkezilen wideoda Tähranyň demirgazygynda awtobusyň polisiýa işgärleriň toparyna sürendigi görkezildi. Polisiýa başda üç sany işgäriniň wepat bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG