Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň döwlet biržasy prezident apparatynyň 25 kaşaň awtoulagyny satuwa çykardy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow awtoulagly harby paraddan geçýär, Aşgabat, 2016

Türkmenistanyň döwlet biržasy prezidentiniň apparatynyň 25 sany gymmatbaha Mersedes we Maýbah kaşaň ulagyny satuwa çykardy, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşriniň maglumatyna görä, 25 sany Mersedes we Maýbah S600L kysymly polata gaplanan ulaglaryň bahasyny Türkmenistanyň döwlet biržasy 19 fewralda çap edipdir.

Awtoulaglaryň bahasy olaryň öndürlen ýylyna bagly. 1995-nji ýylyň Mersedes ulagyny 25 müň amerikan dollaryna satýarlar, 2009-njy ýylyň ulagynyň bahasy 75 müň amerikan dollaryna barabar diýlip, maglumatda aýdylýar.

Bu ulaglar diňe başga ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana baran wagtynda ulanylýar, başga wagtda ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow başga awtoulaglary ulanmagy halaýar we olary özi sürýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri belleýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň edarasyna degişli awtoulaglaryň jemi sanyna we bahasyna degişli maglumatlar resmi çeşmelerde elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG