Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky sopy protestinde bäş adam öldi, başga-da 300 sanysy tussag edildi


Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen protestler. 19-njy fewral, 2018 ý.
Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen protestler. 19-njy fewral, 2018 ý.

Polisiýa Eýranda sopy musulmanlar bilen kanun goraýjy güýçleriň arasynda emele gelen çaknyşyklarda bäş howpsuzlyk işgäriniň ölendigini we 300 adamyň hem tussag edilendigini aýtdy.

“Gonabatly derwüşler” diýlip tanalýan sopuçylyk akymyna eýerýän toparyň agzalary tarapyndan demirgazyk Tähranda turan protest 19-njy fewralda howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklara ýazdy.

Sosial mediada berilýan maglumatlara görä, gonabatly derwüşler bu dini jemagatyň agzalarynyň tutulmagyna garşy polisiýa edarasynyň öňünde protest geçiripdir.

“Ýüz töweregi polisiýa işgäri derwüşlere hüjüm etdi, olara ot açdy” diýip, üýşmeleňe gatnaşan derwüş Kasra Nury Azatlyk radiosyna aýtdy.

Nury soňra hem: “Biz bu ýerde öz howpsuzlygymyzdan howatyr edýäris, öz liderimizi goraýarys. Biziň maksadymyz ganymyzyň soňky damjasyna çenli ony goramak” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Sosial mediada ýaýradylan we döwlet telekanalynda görkezlen wideoda bir awtobusyň demirgazyk Tähranda polisiýa işgärleriniň üstüne sürülýändigi görünýär. Polisiýa ozal bu hadysada üç işgäriniň ölendigini aýtdy.

20-nji fewralda polisiýanyň sözçüsi Said Montazer Almehdi Yslam rewolýusiýasynyň sakçylary bilen baglanyşykly ýarym harby Basij güýçlerinden hem iki adamyň ölendigini bildirdi.

“Yrymçy ynanç tarapyndan biziň iki sany eziz besijimiz şehit boldy” diýip, Almehdi ýarym resmi habar gullugy ISNA aýtdy.

Montazer Almehdi “300-den agdyk” adamyň, şol sanda awtobusyň sürüjisiniň-de tutulandygyny habar berdi.

Eýran häkimiýetleri tarapyndan berilýän maglumatlar bitarap çeşmeler tarapyndan tassyklananok.

Bir wideoda protestçileriň howpsuzlyk güýçleri bilen özleriniň uruşmak islemeýändiklerini, ýöne başga ýol galmandygyny aýdýany eşidilýär.

Yslamyň mistiki ugruna degişli sopuçylyk Eýranda gadagan däl. Ýöne adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar Eýran hökümetini bu akyma eýerýänlere, şol hatarda gonabatly derwüşlere-de zulum-sütem etmekde we olary ala tutmakda aýyplaýarlar.

New-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklary merkeziniň bildirmegine görä, geçen iki aýyň içinde Eýranda birnäçe derwüş tussag edildi.

2017-nji ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Eýran boýunça ýörite hasabatçysy sopy toparlara ýanalmagy barada alada bildirip, olar “eden-etdilik bilen tutulýar, azar berilýär, tussag edilýär we köplenç hem milli howpsuzlyk bilen bagly jenaýatlarda aýyplanýarlar” diýdi.

90 ýaşly sopy lideri Nurali Tabandäniň tarapdarlary onuň polisiýa tarapyndan tussag edilmeginden gorkup, wagtal-wagtal gelip, onuň öýüniň golaýynda üýşüşip oturýarlar.

XS
SM
MD
LG