Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýasama akyl” okanyna adam ýaly düşünýärmi?


"Gumanoid" robot
"Gumanoid" robot

Kompýuteriň meşhur “Jeopardy” oýnunda ýasama oýun ussasynyň adamdan üstün çykany bäri 7 ýyl geçdi. Tehnologiýa firmalary ondan bäri öz maşynlaryny hasam kämilleşdiripdirler. Indi maşynlar çäksiz maglumata we sowallara has çalt jogap bermäge ukyplydyr.

Ýöne ýasama akylyň ýakyn geljekde, meselem, Lew Tolstoýuň “Uruş we parahatçylyk” atly eserine edebi taýdan baha berjegine şaýatlyk edip bileris.

“The Associated Press” habar gullugynyň ýazmagyna görä, “Microsoft” firmasynyň barlag topary we Hytaýyň “Alibaba” atly tehnologiýa firmasy golaýda bu ugurda örän möhüm sepgide ýetmegiň hötdesinden gelipdir. Olaryň ýasama akyl ulgamlary “adamy ýüzünden tanamak” synagynda görkezilen adamy tanamagy başarypdyr. Maşynlaryň nädogry jogap beren sowallarynyň we geçirilen synagyň çuňluklaryna aralaşylmagy kompýuteriň aňynyň çägine göz ýetirmäge kömek edipdir. Bu derňew şol bir wagtyň özünde kompýuteriň aňynyň adamyň akly bilen deňeşdirerden has çylşyrymly bir meseledigini hem äşgär edipdir.

Ýönekeýje deňeşdirmäni hem aňmaýar

“Häzirlikçe kompýuterleriň ýönekeýje tekstleri okap edil adam ýaly gowy düşünmesine gaty köp wagt bar” diýip, “Microsoft” firmasynyň tehnologiýa baradaky baş müdiri Kewin Skott özüniň “Linkedin” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazýar.

Stenford uniwersitetinde taýýarlanan synaglaryň netijesiniň görkezmegine görä, iň azyndan käbir ýagdaýlarda kompýuterler çalt okamakda we sowallara jogap bermekde adamlary ozup biler. Ýöne muňa garamazdan, kompýuterler adamlaryň etmejek ýalňyşyny goýberip bilýär. Meselem, “Microsoft” firmasynyň synagyndaky sowallaryň birinde maşyn ýediniň dörtden uludygyna düşünmändir.

“Bu ýerde ýönekeýje deňeşdirme bar. Ýöne maşyn muny seljermäge ukyply däl” diýip, “Microsoft” firmasynyň ýasama akyl bölüminden Jianfeng Gao aýdýar.

Maşynyň öwrenmek ukybynyň adamyňky bilen deňeşdirilmegi täzelik däl. Maşynlaryň keşbi tanamakda adamdan üstün çykmagy 2015-nji ýylda maşynyň aýdylýana düşünmekde adamdan ozdurmagy bolsa geçen ýyla gabat gelýär. Ýöne muňa garamazdan, maşynlary aldawa salmak gaty aňsatdyr.

Kompýuterler küşt, “Pac-Man” we “Go” strategiýa oýunlarynda hem adamlardan üstün çykýär.

IBM kompýuteriniň 2011-nji ýylda “Jeopardy” oýnunda utmagyndan bäri tehnologiýa firmalary has köp maglumaty kämilleşdirmäge gönügipdirler. Olar diňe bir faktlary anyklamak däl, eýsem şol bir wagtyň özünde uzyn sözlemleriň manysyny seljermäge has aýratyn üns berýärler.

Düşünmegiň çägi

Beýleki synaglar ýaly has köp “Squad” ýaly tanalýan Stenford sowallaryna jogap bermek tilsimi (Stanford Question Answering Dataset) beýleki ylmy-barlag institutlaryny we tehnologiýa firmalaryny bäsleşige ümzükdiripdir. Şeýlelik-de, “Google”, “Facebook”, “Tencent”, “Samsung” we “Salesforce” ýaly firmalar hem bu ugurda ylmy-barlaglara has köp üns bermäge başlapdyr.

“Alymlar bäsleşigi diýseň halaýar. Bu firmalaryň we institutlaryň bary özüni ýasama akyl ugrunda lider hökmünde görkezmäge synanyşýar” diýip, synagyň taýýarlanmagyna gatnaşan Stenford uniwersitetiniň doktorantura talyby Pranaw Rajpurkar aýdýar.

Tehnologiýa firmalarynyň ummasyz göwrümdäki maglumaty jemläp ony kompýutere geçirmegi, täze algoritmler has güýçli kompýuterler indi ýarym asyra golaý wagtdan bäri bar bolan ýasama akyl ugrunyň kämilleşmegine uly itergi berýär. Ýöne Braun uniwersitetiniň kompýuter alymlaryndan professor Michael Littman, kompýuterleriň okanyna doly düşünmegine entek kän wagtyň bardygyny bildirýär.

Kompýuterler statistiki duýgurlyk ugrunda has gowy kämilleşýär. Olar meselem teksti çalt gözden geçirip gerek bolan maglumaty tapyp bilýärler. Ýöne maşynlar häzirlikçe adamlarda bar bolan aň-düşünjeli seljermek ukybyna eýe bolmakda kynçylyk çekýärler. Sowallar bilgeşleýin olaryň aňyny çaşyrmak üçin taýýarlanan mahaly bolsa maşynlar durşy bilen umytsyz ýagdaýa düşýärler. Littmanyň aýtmagyna görä, ýasama akyly synamagyň iň ýaýbaň usullarynyň biri hut synagyň özüni maşyna öwretmekdir.

XS
SM
MD
LG