Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli oppozisiýa lideri Nawalnyý ýene polisiýa tarapynda saklanandygyny aýdýar


Alekseý Nawalnyý, Moskwa, 28-nji ýanwar, 2018
Alekseý Nawalnyý, Moskwa, 28-nji ýanwar, 2018

Orsýetli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý Moskwada polisiýa tarapynda saklanandygyny habar berdi.

Nawalnynyň 22-nji fewralda Twitter ulgamynda ýazmagyna görä, polisiýa ony diş lukmanyň jaýyndan çykan wagtynda saklap, “siz tussag edilýärsiňiz” diýip aýdypdyr.

Ol özüniň bir ýerlere äkidilendigini aýtdy, emma anyk maglumat bermedi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň garşydaşy Nawalnyý protestleri guramalaşdyrýar we Orsýetiň häkimiýet başyndaky elitasynyň korrupsiýa baş goşmagy barada hasabatlaryny çap edýär. Nawalny özüne garşy gozgalan sud işleri sebäpli 18-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak mümkinçiliginden mahrum edildi. Nawalnyý özüne ýöňkelen aýyplamalaryň galpdygyny aýdýar.

Ol resmi rugsat almazdan geçiren protestleri sebäpli ençeme sapar gysga möhletli tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG