Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi we onuň ýoldaşlary, şol sanda daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian Eýranyň demirgazyk-günbatarynda, dikuçar heläkçiliginiň bolan ýerinde öli tapylanyndan soň, Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi birinji wise-prezident Muhammad Mohberiň ýurduň ýerine ýetiriji prezidenti bolandygyny tassyklady.
Eýranyň döwlet telewideniýesi 20-nji maýda dikuçaryň ýaramaz howa şertleri sebäpli heläkçilige uçrandygyny aýtdy. Dikuçar aşak gaçanda, onuň üstünde näçe adamyň bolandygy belli däl.
Uçarda birnäçe resmi, şol sanda gündogar Azerbaýjan welaýatynyň häkimi heläk boldy.
Şeýle-de, Hameneýi bäş günlük milli ýas yglan etdi, täze saýlawlar 50 günüň içinde geçiriler.
Döwlet metbugatynyň habaryna görä, Raisiniň kabineti gyssagly ýygnak geçirdi.
Eýran kanunyna görä, eger-de prezident ölse, häkimiýet birinji wise-prezidente geçirilmeli.
Parlament başlygyndan, kazyýet başlygyndan we birinji wise-prezidentden ybarat geňeş 50 gün içinde täze prezidentiň saýlanmagyny gurnamaly.
19-njy maý güni giçlik ýurduň daglyk ýerinde, erbet howa şertlerinde ýykylan dikuçar, gözleg-halas ediş toparlary tarapyndan, birnäçe daşary ýurt hökümetiniň kömegi bilen, gyssagly gözlenip başlandy.
Daşary ýurt hökümetleri 20-nji maýda gynanç we raýdaşlyk bildirdiler. Liwan Raisini hormatlamak üçin üç günlük ýas yglan etdi. Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Raisi bilen Amir-Abdollahianyň “öz ýurdunyň hakyky, ygtybarly dostlary bolandygyny” aýtdy.
ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas gynanç hatyny çap edip, palestin halky bilen “raýdaşlykda görkezen ýadawsyz tagallalary” üçin, Raisä minnetdarlyk bildirdi.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel "çyn ýürekden gynanç bildirdi" we "biziň pikirlerimiz maşgalalara gönükdirilen" diýip, sözüni üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň iki ýolbaşçysy, Serdar Berdimuhamedow we Gurbanguly Berdimuhamedow hem Eýrannyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow eýranly kärdeşi Hosein Amir Abdollahianyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirip, onuň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşandygyny öňe sürdi.
DIM-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly, “Eýranyň doganlyk halkyna ähli zerur bolan kömegi berer”.
Raisiniň dikuçary, döwlet telewideniýesiniň habaryna görä, Töwriz şäherine tarap barýarka Jolfa şäheriniň golaýynda “gaty gonanda” ýykyldy.
Ýöne hökümet çeşmelerine salgylanyp berlen birnäçe habarda dikuçaryň daglyk we tokaýlyk ýerden geçip barýarka heläkçilige uçrandygy aýdylýar.
Eýran hökümeti dikuçar kerweninde üç dikuçaryň bolandygyny, galan iki dikuçaryň Töwrize sag-aman gonandygyny habar berdi.
Aşa konserwatiw Raisi we Amir-Abdollahian 19-njy maý güni irden, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen bent açmak dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjanda bolupdy.
Azeri prezidenti X-da Azerbaýjanyň Raisiniň dikuçarynyň ýykylandygy baradaky habardan "örän uly alada galandygyny" aýtdy.
Raisi 2021-nji ýylda prezident saýlandy we şondan soň, ahlak kanunlaryny ýerine ýetirmäge mejbur etmek we, hamala, başyny düzüwli örtmezlikde aýyplanyp saklanan Mahsa Amininiň polisiýada saklanýan wagtynda ölmegi sebäpli hökümete garşy gurnalan protestleri gazap bilen basyp ýatyrmak arkaly, eýranlylara garşy girizilen çäklendirmeleri güýçlendirdi.
Şeýle-de, ol dünýä döwletleri bilen geçirilýän ýadro gepleşiklerinde berk durup, şol bir wagtda-da ýurduň uran baýlaşdyrmak programmasyny görnetin güýçlendirmek mümkinçiligini döretdi.
Forum