Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýetiň Siriýada 'seýrek jogapkärçiliginiň' bardygyny aýtdy


ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert
ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert

ABŞ Orsýeti Siriýanyň gündogar Ghouta regionyny bombalamagy üçin tankyt etdi we Moskwanyň şu aýda Damaskyň eteginde 400-den gowrak adamyň ölümine “seýrek jogapkärçiligiň” bardygyny aýtdy.

Döwlet departamenti Orsýeti Siriýanyň hökümetiniň gyrgynçylygy bes etmegi üçin öz täsirini ulanmaga çagyrdy. Şol bir wagtda-da, ABŞ-nyň diplomatlary Ghoutada ok atyşygy bes etmek boýunça 30 günlük arakesme baradaky rezolýusiýany talap edýärler, 23-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde ses berişligiň geçirilmegi planlaşdyrylýar.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert Orsýeti şu aýyň başynda Ghouta regionynda söweşijilere garşy kampaniýa başlan Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady çäklendirmezlikde aýyplady. Siriýa we Orsýet şu sapar hem Aleppony gaýdyp almak ugrundaka meňzeş ganly kampaniýasyny ýene gaýtalajagyny yglan etdiler.

"Orsýetiň Siriýany goldamazlygynda ýumrulyşyk we adam ölümi belki bolmazdy” diýip, Döwlet Departamentiniň metbugat wekili aýtdy.

XS
SM
MD
LG