Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli Alina Zagitowa Pýongçangda altyn medal gazandy


Alina Zagitowa
Alina Zagitowa

Orsýetiň buzda şekilli taýmak boýunça sportsmeni Alina Zagitowa Pýongçangda geçýän Olimpiýa oýunlarynda 23-nji fewralda altyn medal gazandy we öz watandaşy Ýewgeniýa Medwedewadan öňe çykdy.

15 ýaşly Zagitowa we 18 ýaşly Medwedewa görkezijileri boýunça bir-birine duldegşir ýakyn bolupdy.

Emma Zagitowa 21-nji fewralda gysga programmasy bilen eden çykyşynda Medwedewadan öňe çykdy. Medwedewa kümüş medal gazandy.

Orsýet dört ýyl mundan ozal Soçide geçiren gyşky olimpiýa oýunlarynda giň möçberli dopinge ýol bermekde aýyplanyp, Pýongçang oýunlaryna gatnaşmakdan mahrum edildi.

Emma 168 sany orsýetli sportsmene Olimpiada olimpik baýdagynyň astynda gatnaşmaga rugsat berildi.

Buzda şekilli taýmak boýunça bäsdeşlikde bürünç medal kanadaly Kaetlyn Osmonda berildi.

XS
SM
MD
LG