Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky hüjümlerde ýigrimi çemesi adam öldürildi


Kabulda janyndan geçen bombaçy özüni partlatdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:45 0:00

Kabulda janyndan geçen bombaçy özüni partlatdy

Owgan resmileri janyndan geçen bombaçy iki sany howpsuzlyk işgärini öldürdi, ýedisini bolsa ýaralady diýýärler. Bu waka Kabulyň diplomatik töwereklerinde boldy. Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.


Içeri işer ministrliginiň sözçüsi Najib Daniş hüjümiň 24-nji fewralda, ýerli wagt bilen ir sagat 8:15-de, Kabulyň Şaş Darak diýen ýerinde, NATO-nyň edarasynyň we ABŞ ilçihanasynyň golaýynda bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de bu bomba owgan aňtaw agentliginiň edara jaýynyň golaýynda ýaryldy diýip, resmiler aýtdylar.

Dekabr aýynda bir pyýada bombaçy hut şu ýerde özüni partladyp, azyndan alty sany asuda adamy öldürdi.

Şu aralykda günbatar Owganystanda “Talybanyň” guran hüjümleri esasynda 18 esger öldürildi diýip, Owganystanyň Goranmak ministrligi aýtdy.

XS
SM
MD
LG